Ýatyrka Agzyndan Ýylan Giren Adamy Emirin Ýenjisi Hakynda Hekaýat – Jelaleddin Rumy Balhi

ÝATYRKA AGZYNDAN ÝYLAN GIREN ADAMY EMIRIN ÝENJISI HAKYNDA HEKAÝAT

Atly barýan emir günlen birinde
Seretse, bir kisi bagyn düýbünde
Hor çekip ýatyrmys, agzam açykmys,
Bir ýylan o bendän kastyna çykmys.
Ol kiçiräk ýylan çalasyn suwlup,
Gidipdir ýatanyn agzyna girip.
Ýetismänson ol ýylany tutmagy,
Isläpdir ýatany halas etmegi.
Baryp on ýanyna eli gamçyly,
Kebzesine ykjam çawlapdyr weli,
Ýatan kisi syçrap ýerinden turup,
Üstüne abanan emiri görüp,
Ýazzyny beripdir yzyn garaman,
Emirem gaçanyn yzyndan galman,
Söbügni sydyrdyp, kowup barýarmys,
Ýençmegi ýüregne düwüp barýarmys.
Gaçýan bir baglyga özün atypdyr,
Emirem yzyndan kowup ýetipdir.
«Gutularyn öýdüp, hyýal etme-de,
Çüýrük miweleri iý sen çöple-de!»
Diýip, dazarlypdyr gamçysyn bulap,
Gaçan biçäre-de, sojap, hykylap.
Çüýräp giden almalaryn ençesin
Zordan ýuwudypdyr çykarman sesin.
Anyrsy almanson, çäre agtaran,
Ögäp-ögäp, bar iýenni gaýtaran.
Son çöküne düsüp atlyn önünde,
Ýüzlenipdir: «Näme kastyn bar mende?
Mana munun ýaly ejir berenden,
Öldür-de; dyn-haýys edýärin senden.
Ýetime-de beýle sütem edýän ýok,
Ýesire-de beýle sütem edýän ýok.
Beýdilenok hatda dinden çykanam,
Zulum-sütemini bes edäý senem!»
Emir gulak asman onun zaryna,
Baslandyr ýene-de sütem-zoruna.
Çykan ýaly öldürmegin kastyna,
Alypdyr bendäni gamçyn astyna.
Bende sypman çäresini agtaryp,
Iýen zatlaryny tiz-tiz gaýtaryp,
Käte ögäp, käte çygylyp, düwnüp
Ýörsüne, ýylanam çykypdyr suwlup.
Bu gensi ýagdaýa gözi düsende,
Bar ejirni unudypdyr o bende.
Satlygyndan ýana ýaslap gözlerin,
Ýagdyryp baslapdyr alkys sözlerin:
«Dertden gutarmagyn üýtgesik tärin
Tapdyn sen. Kim borsun, eý, halasgärim?
Men halymy gören gözüne gurban,
Nurana kesbine – ýüzüne gurban.
Ýamanlyk okunyp, gamçyndan gaçdym,
Näjaý sözlem üçin günämi geçgin.
Esek höçjetligni eder-de, gaçar,
Hojaýynam onun yzyna düser.
Niýeti – ýagsylyk etmek bolsa-da,
Bela satasmanka tutmak bolsa-da,
Esek ony anmaz, bu hemmä belli,
Meninem ýagdaýym so hili boldy.
Aýdan bolsan urmagyn bas sebäbin,
Erkine bada-bat bolardym tabyn.
Bermezdim hiç hili samsyk sowaly,
Gaçmazdym jyrralyp häzirkim ýaly.
Urgulan dert däl-de, dermandygyny,
Halas bolmaklyga permandygyny
Basda bilmändirin, hut häzir andym
Hem seni özüme halasgär sandym…»
Emir diýdi: «Aýtman hakykaty men,
Daramaly boldum sana gaty men.
Men-ä görenimi aýdaýan bolsam,
Niçik bordy senem gorkundan ölsen?»
Elbetde, dananyn çalan sarpygy,
Samsyk kisin öwgüsinden has gowy.
Dana adamlaryn zäheri meger,
Samsyklan hödürlän balyna deger.

Terjime eden we çapa taêêarlan: Kakabaê Gurbanmyradow

Hits: 8

:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.