Ýatsa-Tursa Hyýalyñdan Çykarmaz, – Magtymguly Pyragy

Ýatsa-tursa hyýalyñdan çykarmaz,
Kaýsy işe maýyl bolsa adamzat,
Garyplygyñ gamy köñlün çökermez,
Aýal istäp, saýyl bolsa adamzat.
Günäden gorkmagan ruýy- syýadyr,
Munuñ maglum güni ruzy-jezadyr,
Bu dünýä mülkünde soltandyr, şadyr,
Kysmatyna kaýyl bolsa adamzat.
Her kişi kim, söz magnyga düşmändir,
Bir dertlidir, aña derman düşmändir,
Kyýamat gün hemme işi puşmandyr,
Hak işine kähil bolsa adamzat.
Ykbalynyñ ugran işi öñ görner,
Dünýä gözi ele girse, teñ görner,
Jahyllykda geçen işler geñ görner,
Kyrkdan aşyp, aýyl bolsa adamzat.
Akyl et jahanyñ ruhyn, röwüşin,
Ygtybar etmegin dünýä duruşyn,
Magtymguly, ýagşy görerdi işin,
Kyrkdan soñ jahyl bolsa adamzat.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.