Ýaryna Garasan Ýigit Hakynda Hekaýat – Jelaleddin Rumy Balhi

ÝARYNA GARASAN ÝIGIT HAKYNDA HEKAÝAT

Aýtjak hekaýatym-gadym bir çakda,
Çyndan yska düsen bir ýigit hakda.
Ýigit näçe örtense-de, ol gyzyn
Köp wagt çekmeli bolupdyr näzin.
Umytly ýasamak – gowy gylykdyr,
Satlygyn çesmesi – sabyrlylykdyr.
Gyz ýigdin umydyn çykarman puja,
Bir gün diýýär ona: «Men su gün gije
Senkä barjak ilden özümi gizläp,
Uklaýman oturgyn ýoluma gözläp.»
Ýigit iç gepledýär: «Tüýs bagtym geldi,
Täleý gülüp bakdy, ykbalym güldi».
Ýaryndan su hili hos sözi esden
Ýigit gözlerini ýaslap begençden,
Hudaýyn ýoluna bir owlak soýup,
Bar isi-pisesin bir ýana goýup,
Begenjinden sabry-karary gaçyp,
Uzak güni geçirse-de garasyp,
Beýnä dolup ýadawlygyn dumany,
Uklap galanmysyn undup dünýäni.
Sözünde tapylyp, gijän bir bagty
Gelipdir onunka arzyly bagty.
Seretse, ol ýigit düsegne geçip,
Ap-arkaýyn ýatymysyn hor çekip.
Bu ýagdaýy gözi bilen gören gyz,
Ýarynyn bolsuny synlap duran gyz,
Gözün ýaslap, gama batmagyn ýerne,
Bir gysym asygy alyp ellerne,
Ýigdin ýenlerinin bir taýyn kesip,
Durupdyr seredip, çykarman sesin.
«Onarmaýan bolsan, gyza garasyp,
Öz denlerin bilen oýnaber asyk».
Diýipdir-de, ümsüm çykyp gidipdir.
Ýigit irden turup, için tutupdyr.
Görüp kesik ýeni, üýsmek asygy,
Ahmyr bilen ýaýkapdyr-da basyny,
Diýipdir: «Hiç zady alamak göwne,
Bir özüm günäkär masgaralygma.
Bisowluga sebäp bolýan – özümiz,
Masgara ýa heläk bolýan – özümiz.»

Terjime eden we çapa taêêarlan: Kakabaê Gurbanmyradow

:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.