Ýarsyzlykdan Ýaman Iş Ýok, – Magtymguly Pyragy

Ýarsyzlykdan ýaman iş ýok,
Göz salyp gezsem her ýana,
Ýa, ýaradan, bir ýar bergil,
Köp muşakgat degdi jana.
Bir ýar bergil etli-ganly,
Köňli giň, göwsi meýdanly,
Dil bilen, akly kemally
Ýüzi hem bolsun görkana.
Gadyr bilenden daş etme,
Nägadyra ýoldaş etme,
Til bilmez bela duş etme,
Sada til bolsun-türkana.
Keremiň güýçlüdir, görgül,
Diýr sen: „Doga kyl, el gergil“,
Ne berseň, tizräk bergil,
Ygtybar ýokdur bu jana.
Boýy uzyn, pes bolmasyn,
Hetden aşa mes bolmasyn,
Akylsyz, näkes bolmasyn,
Sadadan bolsun-türkana.
Ýagşy aýal ele gelmez,
Nadan ýagşyň gadryn bilmez,
Aýalsyza myrdar bolmaz,
Dönseň hökmi Süleýmana.
Derwüşlere ýolsuzlygy,
Ýigitlere malsyzlygy,
Ylahy aýalsyzlygy
Görkezme hiç musulmana.
Magtymguly, köýsem, bişsem,
Ynanmazlar oda düşsem,
Höwesim bar, bir gyz guçsam,
Diýsem sözümni erkana.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.