Ýaranlar,gerdişi-Çarhyň Elinden, – Magtymguly Pyragy

Ýaranlar,gerdişi-çarhyň elinden,
Bu meniň ýüregim para-paradyr.
Syzzyldaşar tenim Eýup teni dek,
Kişi bilmez,agyzsyz ýaradyr.
Gije-gündiz işim-guýşumdyr haý,waý,
Telmuryp ýyglar men gözlenip her taý,
Uçraşyp köluge gark oldum diýr ”Haý!”
Erler-pirler,sizden medet-haraýdyr.
Garyp eger gapyr erde ýörijek,
Gözlerinden ganly ýaşlar ýörijek,
Aşyk eger magşugyny görijek,
Gül-güli açylar,köňli paradyr.
Tohum sal,orar sen,geldiň bu jaýa,
Ömrüňni geçirme bihuda- zaýa,
Nazar eýlär sizler uşbu dünýäýe,
Gelen geçer,durmaz,köne saraýdyr.
Magtymguly kylmyş jigerin bagryn,
Yürege gan dolmuş, bu çeşmi-girŷan,
Şeŷle ajyz galmyş, ŷalbaryp her ŷan,
Rehm eden bolmady, bagtym garadyr.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.