Ýaranlar, Pany Dünýäniñ, – Magtymguly Pyragy

Ýaranlar, pany dünýäniñ,
Ahyry bibat görüner!
Jan guşuny aldap tutar,
Şum pelek saýýat görüner.
Aldagyna düşme bu gün,
Köküñ keser bogun-bogun,
Gör, loly dünýä dostlugyn,
Günbe-günden ýat görüner.
Pelek seniñ miýesseriñ,1
Niçe ýerde miýesseriñ,
Gör, ogulsyz bendeleriñ,
Ýurdy ýok, berbat görüner.
Görünse ýagşy ykbaly,
Gün-günden ýeter kemaly,
Goç ýigidiñ pis aýaly,
Janyna jellat görüner.
Ýagşy ýaryñ goýny mata,
Synasy meñzär jennete,
Gözel görmagen sölütä,
Gözüne perizat görüner.
Lebinde şekeri gandy,
Göýä ki pyragy-bendi,
Gara garganyñ perzendi,
Gözüne surat görüner.
Ýaraşar tirkiş-hatary,
Hatarynda esrik neri,
Bir geldanyñ münen hary,
Teblesinde at görüner.
Söweşde gerek ussatlar,
Şir ýürekli, algyr gurtlar,
Ýagy görende, namartlar,
Näçaglap, owrat görüner.
Magtymguly diýr, bu demde,
Bardyr umydym keremde,
Rozy etse ahyr demde,
İmanym myrat görüner.
*
1.”Pelek bolar miýesseriñ” diýen nuga hem bar.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.