Ýar Eýlär1 – Magtymguly Pyragy

ÝAR EÝLÄR1
Aklyň bolsa, ýagşylarga hemdem bol,
Akmak özün nadan bile ýar eýlär!
Hak aşyklar näzli ýaryň jemalyn,
Bir görsem diýp, gije-gündiz zar eýlär.
Näge syrym bolsa, aýdarmen merde,
Kerwen ýata bilmez gorkuly ýerde,
Ulug namyslarda ýaramaz derde,
Namart öýde sähel işi ar eýlär.
Namart külpetinden galyp men derde,
Köňlim jaý tapmaýyp bir pynhan ýerde,
Maly köp diýp, myhman bolma namarda,
Jomart herçent gallaç bolsa, bar eýlär.
Namart öz öýünde merde söz aýdar,
Hak aňa kär etmez, tanapyn dartar,
Goç ýigit mal tapsa, hümmeti artar,
Namart baýadykça, köňlün dar eýlär.
Magtymguly, imdi özüňni gözle,
Haýyr işiň artdyr, ýamany düzle,
Aklyň bolsa, märekede az sözle,
Köp söz seni il içinde har eýlär!
*
1Bu goşgynyň Magrupynyň adyna berilýän ýeri hem bar.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.