Ýangyn – Jelaleddin Rumy Balhi

ÝANGYN

Omaryn halyflyk eden döwründe
Ýangyn tutasypdyr illen birinde.
Ony hiç söndürip bolmaýarmysyn,
Ot bar zady gowrup-ýalmaýarmysyn.
Ýangyn haýbat berip gyzyl diline,
Gabsapdyr bar zady oda –ýalyna.
Haýygypdyr onun badyny gören,
Daragtlaram, guslan höwürtgelerem
Ýalyn üçin satlyk-keýp bolupdyr,
On deminden gara köýük bolupdyr.
Degmändir suwunam hiç hili haýry,
Hökümdar bolmandyr ýangyndan gaýry.
Hiç zatdan jinnek deý görmän zowaly,
Dabyrapdyr Allan gazaby ýaly.
Adamlar Omaryn ýanyna baryp,
Kömek isläpdirler boýnuny burup.
Hökümdara seýle diýipdir olar:
« Bu ýangyny nädip dep etse bolar?
Omar aýdan: « Üns berin, bir zada,
Herki zadyn sebäbi bar dünýäde.
Dasdan gözlemälin mun günäkärin,
Size köpden bäri syn edip ýörün.
Garyp-gasarlary gözden saldynyz,
Seýdibem, su bela duçar boldunyz!..
« Ýok, beýle däl.
Ýarap olan, derdine,
Baýlygmyzdan ýoksullara berdig-ä!
« Paýlanan bolsanyz suw bilen nany,
Kemsidip berdiniz garyp ynsany.
Her kim pes tutmasa niýetin, pälin,
Allan gazabyna dusjagy mälim! »

Terjime eden we çapa taêêarlan: Kakabaê Gurbanmyradow

Hits: 1

:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.