Ýaman Ýagşa Ýoldaş Bolsa, – Magtymguly Pyragy

Ýaman ýagşa ýoldaş bolsa,
Awylyk içen ýalydyr,
Aýryla bilse, awysy,
Içinden öçen ýalydyr.
Adam wehm etmez rişinden,
Gorkar ýatanda düşünden,
Eýläme baksam, işinden
Bu köňlüm geçen ýalydyr.
Bedasyl ykbaly ýörmek,
Öýsiz eline mal girmek,
Akmaga syryňny bermek,
Öz aýbyň açan ýalydyr.
Ötdi ömrüň, dünýä seýliň,
Hak ýoluna bagla biliň,
Agzy ala bolan iliň,
Döwleti gaçan ýalydyr.
Etip-aňyp göwrede gizlän,
Akyldyr-iş soňun gözlän,
Gepin tapyp, ýagşy sözlän
Misli dür saçan ýalydyr.
Ärden gitse ygtybarlar,
Sowar ondan dost-u ýarlar,
Hünärli, ykbally ärden
Mal-u pul öwşän ýalydyr.
Magtymguly, yllatly göz,
Haraba döner degse duz,
Märekede bir jaýsyz söz,
Çermenip … ýalydyr.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.