Ýagty Salar Gider Zulmat Türünde, – Magtymguly Pyragy

Ýagty salar gider zulmat türünde,
Meniñ sahypjemalymny gördüñmi!
Bahar eýýamynda, heýhat gününde,
Meniñ sahypjemalymny gördüñmi!?
Anka sypat turup, “Hüw!” diýp galkan guş,
Gijesi tiriktir, gündizi bihuş,
Redaly şindeli, egin hyrka püş,
Meniň sahypşemalymy gördüňmi!?
Gan edipdir pelek bagrym pyrakda.
Elmydam gezer men ýar diýip sorakda,
Käbe etrabyäda, Şamda, Yrakda
Meniň sahypýşşemalymy gördüňmi!?
Rumda, Gypjakda, Çyndama-Maçynda,
Zemael ornuňda, arşyň içinde,
Yklym degresiňde, pelek burçyňda,
Meniň sahypşemalymy gördüňmi!?
Aşyklar ahynda, Gülzüm döwründe,
Kubbatyl-yslamda, Jeýhun bahryňda,
Sinde sährasynda, Isa şährinde
Meniň sahypýşşemalymy gördüňmi!?
Hezret Aly etgeç älemge dawy,
Kapdan Kaba düşdi hezretiň çawy,
Ýa, yklym eýesi Ahmet Yasawy,
Meniň sahypýşşemalymy gördüňmi!?
Mesgen tutmuş gara dagyň burnunda,
Alynyň mülkünde, Isa ornunda,
Eriň arkasynda, Gögüň garnynda
Meniň sahypýşşemalymy gördüňmi!?
Magtymguly çeker ýaryň gamyny,
Gezip, tapa bilmez ruýy-zemini,
Ýa, ady Jebraýyl-hakyň emini,
Meniň sahypýşşemalymy gördüňmi!?
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.