Ýagşylygy Pis Bilmez – Magtymguly Pyragy

Ýagşylygy pis bilmez
Är ýanynda bellidir;
Görer gözüň gymmaty,
Kör ýanynda bellidir.
Däli köňül daýanjy,
Ýokdur dünýä ynanjy,
Sag gulagyň guwanjy,
Ker ýanynda bellidir.
Eger pir sen, eger ýaş,
Kylma syryň halka paş,
Syr saklagan mähek daş,
Zer ýanynda bellidir.
Bu dünýäniň myrady, –
At, zagyfdyr, zürýady,
Arwananyň kuwwaty,
Ner ýanynda bellidir.
Bolsa gamdan halasym,
Ýaza dönse gyş naslym,
Magtymguly, yhlasym,
Ýar ýanynda bellidir.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.