Ỳagşy Sözi Jana Ỳarar, – Magtymguly Pyragy

Ỳagşy sözi jana ỳarar,
Ỳagşy bilen ỳoldaş bolan:
Gaçyp gutulmaga uwnar
Bir ỳaman goňşa duş bolan.
Dünỳäniň soňy ötmekdir,
Myrat-munda iş bitmekdir,
İşi gyssa ỳuwutmakdyr,
Ỳaman bilen gardaş bolan.
Bir ỳaman söz ỳürek bular,
Ỳagşyny älem arzuwlar,
Ỳatdan çykmaz, görmek dilär,
Birewden köňli hoş bolan.
Her kimde-ki hünär ỳokdur,
Duşmanyňa heder ỳokdur,
Ỳagşylyk ätse ỳer ỳokdur
Şu eỳỳamda ỳuwaş bolan.
Magtymguly öwüt aỳdar,
Aňlan gulagynda giỳder,
Özüni ỳüňsakal äder,
Bozulan ile baş bolan.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.