Ýa Habyp, Hak Resuly Sen, – Magtymguly Pyragy

Ýa habyp, hak resuly sen,
Çyn jandan söýmüşem seni,
Derwuşlar gadyr gijesin
Söýen dek söýmüşem seni.
Eýlaýip seýp-u seýrany,
Keşt etsem külli Eýrany,
Misli Ybraýyym sarany
Söýen dek söýmüşem seni.
Ýakup yurt etdi Kengany,
Ogludyr Musur soltany,
Misli Ýusup Zuleýhany
Söýen dek söýmüşem seni.
Ýalançyny tutdy ady,
Olardyr yşkyň binýady,
Mejnun Leýli perizady
Söýen dek söýmüşem seni.
Dildi daglaryň zirini,
Tapmaýan biri-birini,
Aşyk Perhat ol Şirini
Söýen dek söýmüşem seni.
Egdi meni dunýe maly,
Bolmady yşkym kemaly,
Seýpelmelek Mahjemaly
Söýen dek söýmüşem seni.
Basdy muhubbet nyşany,
Keşt eýledim çar köşäni,
Ýemende Warka Gulşany
Söýen dek söýmüşem seni.
Gitdi elden ygtyýary,
Galmady sabr-u karary,
Aşyk Nowruz, Gul-Ferhary
Söýen dek söýmüşem seni.
Bir gün ýolukdylar Hyzra,
Durdular nyýaza, nezre,
Bir-birini Wamyk, Uzra
Söýen dek söýmüşem seni.
Gezdiler Rumuň düzüni,
Berdiler hakyň karzyny,
Aryzda Ganbar Arzyny,
Söýen dek söýmüşem seni.
Tutmady olar dünýäni,
Galmady ýary-ýarany,
Misli ol Tahyr Zöhräni,
Söýen dek söýmüşem seni.
Bu dünýä goýupdyr kimi,
Hoş tutuň bäş günlük demi,
Aşyk Garyp Şasenemi
Söýen dek söýmüşem seni.
Magtymguly dünýä pany,
Ötüpdir Rüstemler, kany?
Aý, Gün-u Zemin,asmany
Söýen dek söýmüşem seni.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.