Ýa Ahmet Şa, Ýerden Ýaýylyp Çawyň, – Magtymguly Pyragy

Ýa Ahmet şa, ýerden ýaýylyp çawyň,
Adyň asman gider arşy aglaýa.
Gelen nökeriňdir, gelmeýen awuň,
Beýiklik zinesin kyl paýa-paýa.
Eýrana gylyç ur, ýörüt sypahy,
Başynda berk bolsun döwlet kulahy,
Humaýun dagynda şirleriň şahy,
Göýä bir näheň sen möwji-derýaýa.
Bişeleriň aw aňtaýan şiri sen,
Rumustan beýnisi, döwüň biri sen,
Zal oglunyň almaz peýkam, tiri sen,
Guştasp ogly dek belli belaýa.
Pişiň Eýran bolsa, puştuň Turandyr,
Dost işine hoşwagt, duşman haýrandyr,
Ykbalyň açylar, işiň döwrandyr,
Merhemet nazaryň salsaň bir jaýa.
Pyragy diýr, rowaç biýr sen, sen dini,
Şalaryň şalary, yslamyň zeýni,
Emriňe mutyg et Eýran zemini,
Ruz-u şeb nalyşym budur hudaýa.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.