Watanym Galdy Ii – Magrupy

Watanym galdy
Ata-baba tutan datly watanym,
Köp bagly-bostanly watanym galdy;
Almaly, engurly, sirin-serbetli,
Gezmäge sapaly watanym galdy.
Daglarynda dürli giýah gögeren,
Çesmelerde keýik, gulan suwlanan,
Köllerinde ördek, sona awlanan,
Hos sapa, hos maza jaýlarym galdy.
Margyzda ýaýlardym, gumda gyslardym,
Aç gurt idim, alar awum duslardym,
Ýorga münüp, ýüwrük bedew uslardym,
On gije-gün tutan toýlarym galdy.
Garasenir, Jamly, Döwletdir jaýym,
Tutluda, Furanda köp bolar baýym,
Meni sondan aýra saldyn hudaýym,
Kesetekden sanlap ötenim galdy.
Hiç kimge bu pelek bermez wepany,
Köplerden galmysdyr köne watany,
Segredip bedewni, uslap tutany,
Ala dyrmyk öýler çatanym galdy.
Magrupy, sen saýrat bäs gün tilinni,
Kaza oky gelmezden ýen tilinni,
Ýat etme, gam tutma osal göwnünni,
Garkyldasyp ýatan köllerim galdy.

Hits: 85

:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.