uň Ýürekden Çykan Salawmaleýkim Berdinazar Hudaynazarow

Çuň ýürekden çykýan Salawmaleýkim
Nirde sen Waleýkim salamyň bilen?
Howlukman soralyp saglyk-amanlyk,
Yzyndan aýdylýan kelamyň bilen?

Salamlaşan çagy ýylnardy üşän,
O mähirden indi galdymy nyşan?
Beýle-de bir salam bolar oguşýan —
Bir menzilden goluň bulanyň bilen.

Men-ä salam berdim adam şekilli,
Ol çala baş atyp menden bukuldy.
Gelşiksiz iş eden ýaly ökündim,
Galyberdim özüm salamym bilen.

Salam berdi welin, goňşymyz häli,
Sowukdy nazary, teňdi ahwaly.
Şeýle sowuk — ylla gürleşen ýaly
Özgä göwün beren aýalyň bilen.

Eý, gadymy salam — höwrügen hemram!
Bu bolýan zatlara özüm-ä haýran.
Soňy düzüw bolup baksadyň hernä,
Ýene-de şol öňki jemalyň bilen.

Bellik: Salam dogadyr. Musulmanlar bir-biri bilen görüşenlerinde birek-birege doga-dileg edýärler. Şonuň üçin salamy asyl boluşyndan üýtgetmeli däldir. Asyl nusgasy Esselämü Aleýküm Wealeýküm Esseläm Salam berişimiz ýa-da alyşymyz üýtgese dogada üýtgeýär we ýalňyş manylar aňladýar.

Mysal üçin halkymyzyň içinde Solawmaleýkum, Salamälik ýaly sözler ýalňyşdyr. Bular ýaly ýalňyş salamlar halkyň içinde dini ylmyň azalyp, dini sowatsyzlygyň ýaýran wagty bolan, Sowet döwründe peýda bolandyr.

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.