Ulalanda Iş Hoş Gelmez, – Magtymguly Pyragy

Ulalanda iş hoş gelmez,
Ýaşlykda köýmän ýigide.
Döwlet gelse,özün bilmez,
Dogaly doýman ýigide.
Ýaman öwüt hebesdir,
Ýagşy äre bir söz besdir,
Ýörişini ýalňyş basdyr,
Ýaňy don geýmän ýigide.
Jüppe,jöwşen,zyryh-sowut,
Keserli gylyç,apat at,
Söweş güni gider uýat,
Gaýraty bolman ýigide.
Çopan adam çoka bolmaz,
Ala garga oka gelmez,
Köp ýygylsa,terhos almaz,
Aňyrsy bolman ýigide.
Gulluk ýetirgil janyňdan,
Aýama parça nanyňdan,
Ganly bolsa,geç ganyňdan,
Bir garyp myhman ýigide!
Dünýäde hiç kim galmandyr,
Mal jana ýoldaş bolmandyr,
Göýä bu dünýä gelmändir
Bir zürýat galman ýigide.
Altyn-kümüş mis görüner,
Dula gyrnak tüýs görüner,
Peri hatyn pis görüner
Bir hulky söýmän ýigide.
Mal döner çyýan-çirmege,
Durar et-ganyň sormaga,
Malyndan zekat bermäge,
Gözleri gyýman ýigide.
Magtymguly,ýoldan çykmaz,
Ýamana ýagşy söz ýakmaz,
Müň söz aýtsaň,biri ýokmaz
Taňrysy guýman ýigide.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.