uka Ýürek Goşgy Guzy Barda Goşgy Berdinazar Hudaynazarow

Bahar aýy begres geýen sährada,
Dünýä inip, gözün açdy bir guzy.
Gök ýylakly, goňras gumuň üstünde,
Çal gandymyň gülleri bar gyrmyzy.

Guzynyň gerşine merjen mysaly
Sepelendi günüň melewşe nury.
Guzy yraň atyp galdy aýaga,
Siňdi endamyna öwüşgin bary.

Dikgeripjik dört aýagnyň üstünde,
Bugaryp dur, gerşi Güne ýylap dur.
Bagry bilen balasyny penalap,
Ene goýun endamyny ýalap dur.

Baharyň ysyndan başy aýlanyp,
Müň bir öwüşgine gamaşýar gözi.
Enesine oýkanjyrap näz edýär.
Zer buýra dolanan eýjejik guzy.

Täsin guzy enesiniň ýanynda
Ikije gün bökjekledi, emişdi…
…Elden-ele geçdi sugry bagana,
Bilmedim, ol altynmydy, kümüşdi?

Ene goýun eňräp galdy yzynda,
Çar tarapa urnup-urnup çyrlady.
Sagrysyn sypalan goja çopanyň
Sessiz aglanyny hiç kim görmedi.

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.