ubileý Degişmeleri – Kerim Gurbannepesow

Berdi Kerbabaýewe

Nikolaý patyşaň buýrugy bilen
Dörände Murgapda Hindiguş bendi,
Tejen derýasynyň bir kenarynda
Äleme inipdir
Kiçijik Berdi.

Ynha indi bolsa ullakan Berdi.
Seretdigiňçe-de ullakan ýaly.
Şuň ýaly ullakan bolmaklyk üçin
Geçmeli boldy, ol ullakan ýoly.

Ynha otyr garşymyzda lowurdap,
Başy ak seçekli
Ullakan haly.

Birden döremeýär ullakan haly.
Onuň döremegne kän zähmet gerek.
Egirmeli, ýüwürmeli, çitmeli,
Soň darak yzyndan urmaly darak.

Haly şeýdip uly bolup gitmeli,
Kämilligiň ýoly agyrdyr, agyr.
Ony kämillige ýetiräýýänçäň
Deňiz ýaly sabyr gerekdir, sabyr.

Çitim wagtam,
Darak urulýan wagtam
Käbir ýalňyşlyklaň bolmagy mümkin.
Ýöne weli haly diýmek halydyr,
Keçe bolmak aňsat, haly bolmak kyn.

Ynha! Bu gün hemmeleriň gözleri
Şol ullakan, şol ajaýyp halyda.
Gelin-gyzlaň gözi ajap halyda,
Berdi aganyň gözi ajap hallyda.

Berdi mollaň gözi gelin-gyzlarda,
Gelin-gyzlaň gözi Berdi mollada.
Diýmek, haly haly bolan wagtynda
Özüne aňk etjek 70 salda-da.

Ýylgyrsaňam-a ýylgyrýaň weli,
Gabanaýma birden, Merýem gelneje.
Emma gabansaňam, gabanmasaňam
Şu oturan ýigdiň bolşy şeýleje.

Ol özüni halka mäkäm söýdürdi,
Türkmeniň adyna getirdi buýsanç.
Köpetdagy ýaly buýsanjyň ýanda,
Ýeri, nämejikmiş top ýaljak gabanç.

Haýsy ülkä, haýsy mekana barsak,
(Bu biziň lap edip aýtdygymyz däl)
Ilki «Berdi aga gurgunmy?» diýlip,
Şondan soň başlanýar başga söz-sowal.

…Ýene-de kyrk ýyldan, elli ýyldan soň
Haýsydyr bir ýurda gidilse seýle,
«Berdi aga, sag-gurgunmy?» diýlende,
Soragyň jogaby berilsin şeýle:

«Berdi aga gurgun!
Berdi aga mes!..»
Ös sen, goja çynar,
Ös sen, ýene ös!
*Goşgy gysgaldylyp alyndy.

:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.