Togsan Dürşi Tagam Bolsa Gaşyňda, – Magtymguly Pyragy

Togsan dürşi tagam bolsa gaşyňda,
Ne lezzet içinde duz hem bolmasa.
Ne biler sen ne iş bardyr başynda,
Muşgil işdir başda göz hem bolmasa.
Aýak bar ýörmäge, el bar almaga,
Kany bende, saglyk şükrün kylmaga,
Kulak bardyr eşitgenin bilmäge,
Kim düzeder tilde söz hem bolmasa.
Ýok ýerden jan berip, ýetirdi nany,
Köňül bostanynda biter imany,
Adyň bende bolsa, eýäňi tany,
Gelip, saňa ýüzbe-ýüz hem bolmasa.
Kysmatyn hak bilen ryzkyn azlamaz,
Söz bilenler bilen sözün gizlemez,
Keňul joşa gelmez, til hem sözlemez,
Her ýürekde yşkdan köz hem bolmasa.
Ýyldan-ýyla pisat artar eýýama,
Hakyň özi getirmese enjama,
Dünýä sözi meňzär duzsuz tagama,
Söz içinde gelin-gyz hem bolmasa.
Ýüm gözüňni, gysyp gezgin dişiňni,
Ýaza etseň, unutmagyn gyşyňny,
Töwekgel et, taňra tabşyr işiňni,
Sabyr bilen biter tiz hem bolmasa.
Magtymguly, hyýal düşüp özüme,
Köp tomaşa geler, geçer gözüme,
Eşidenler, aýp eýlemäň sözüme,
Iller kimin sözüm uz hem bolmasa!
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.