Ten Ýapmaga Köýnek Istär Ýalaňaç, – Magtymguly Pyragy

Ten ýapmaga köýnek istär ýalaňaç,
Köýnekli diýr: „Wah, üstünden don bolsa!“
Bäş pul diýip, hakdan dilär garny aç,1
Bäşin tapsa, arzuw eder – on bolsa!
Ol ýigit ki, çeke-çeke hasraty,
Saparlyk ýüklärge bolsa döwleti,
Ýany birle tapsa ýaragy-aty,
Ýene diýr ki: „Mugt, tükenmez nan bolsa!“
Köp nan tapyp, eger bolsa köňli şat,
Gyz-gözelden mahbup istär hem öwlat,
Bu döwleti peýda etse adamzat,
Köňli istär, beýik şähre han bolsa!
Hem han bolsa, hem dünýäsi tay bolsa,
Hem ölmese, hem esbaby şaý bolsa,
Hem bermese, hem çüýrimez baý bolsa,
Ýagşy ady hem dünýäde dan bolsa!
Magtymguly, görüp duşman tagnasyn,
Mert oldur, şat tuta gamdan synasyn,
Ýer ýüzi doldurmaz gözüň hanasyn,
Karun kimin näçe gaznaň kän bolsa!
*
1“Baş saglyk diyp, hakdan dilär garny aç“ diýen nusgasy hem bar.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.