Ten Kapasna Giriftar, Gel, Jana Nazar Eýle, – Magtymguly Pyragy

Ten kapasna giriftar, gel, jana nazar eýle,
Bak, köñül gözgüsine, janana nazar eýle,
Ybrat gözüni açyp, jahana nazar eýle,
İki kamy tutmagyn, bir ýana nazar eýle,
Hiç kimge baka bermez, döwrana nazar eýle,
Döwranyna daýangan ynsana nazar eýle,
Bu gonup-göçüp bargan kerwana nazar eýle!
Bu döwran içre köñül guşlary eýlär perwaz,
Göýä murgy sehrdir, şeb suhan eýlär agaz,
Bag içre bilbil olup, okyr nagma hezar saz,
Hudaýa toba eýläp,dergahyña döndüm baz,
Ömür az, döwran deraz, ne roza bar, ne namaz,
Oýan haby-gaflatdan, haşra meñzär pasly-ýaz,1
Alymlar tesbih okyr, her ýana nazar eýle!
Ölmes men diýp düşmesin, köñlüñ guman içre,
Ömre ýokdur ygtybar, ötegçi zaman içre,
Ajal goýşup ok-kezin, kirişge keman içre,
Bendäge ne armandyr, jan berse iman içre,
Sözle, sözüñ ýaýylsyn bu ýagşy-ýaman içre,
Az ömre agyr işler gurup sen jahan içre,
Mukym işini tutan myhmana nazar eýle!
Wah, ne hoşdur aşyga hylwat ýara ulaşmak,
Hal-ahwalyñ soraşyp, gol boýuna salyşmak,
Magşaryñ neşri ýañlyg ten, jan kimin buluşmak,
Bir-birge derdin döküp, sergüzeştin kylyşmak,
Tow berilgen rişte deý çyrmaşyban-çolaşmak,
Dostlar ne müşgil işdir, gowuşyp, aýrylyşmak,
Wysala magrur olma, hijrana nazar eýle!
Magtymguly, sözlemeý goýmaz durmaga derdin,
Ýalançyda aýlanyp,2 altmyş ýana el gerdiñ,
Panyny baky bildiñ;ýeldiñ-ösdüñ, ýüwürdiñ,
Dostuña yza berdiñ, duşmana ýüz öwürdiñ,3
Azyz janyñ pida kyl, saýasynda bir merdiñ,
Otuz dört ýaşa geldiñ, bu jahanda ne gördüñ,
“Kurana” gulak goýup, permana nazar eýle!
*
1 “Gyşa meňzär pasly-ýaz” diýen nusga-da bar.
2 “Ýalançyda ýaýlanyp” diýip hem gelýär.
3 “Bildiň ki biwepadyr, bahasy ýok bu ýurduň” diýen nusga-da bar.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.