Tapdy Şöhrat Halk Içinde Bu Jahalatan Nyşan, – Magtymguly Pyragy

Tapdy şöhrat halk içinde bu jahalatan nyşan,
Galdy dewüşler tilinde dag-u hasratdan nyşan,
Galmady mazlumlara desti-nusratdan nyşan,
Sabse-seb doldy jahana bu bet apatdan nyşan,
Degdi älem ählige ýüz müň hyjalatdan nyşan,
Är bilerler kimde bolsa ol şeraretden nyşan,
Ýada salmaz haýr işi tapgan zelaletden nyşan,
Ne murebbetden eser bar, ne adalatdan nyşan,
Şek degildir, dostlarym, geldi kyýamatdan nyşan.
Her kişi betgatga batyr, any ki är bildiler,
Magşara müňkür bolup, ýok dünýäni bar bildiler,
Şerg işin bet aňlaýyp, hup işin bet kär bildiler,
Rastlary haýyn bilip, haýynlary ýar bildiler,
Tamyga kanyg diýip, kanyglary zar bildiler,
Kim şerigat ähli bolsa, hejw edip, har bildiler,
Müňküri mürşit bilip, ýalganny ykrar bildiler,
Gümrahy tagwa sanyp, takwany niker bildiler,
Şek degildir, doslarym, geldi kyýamatdan nyşan.
Hormat ähli boldy ol kimniň golunda sazydyr,
Kim kemal okusa halk ýanynda, har awazydyr,
Werdleri derwüşleriň hylbatda halk enbazydyr,
Ortada gyz-u juwan, diýr sen ki toýdyr, bazydyr,
Syçraşar gyz-u gelin üstüňge, göýä tazydyr,
Hak işinden bihabar halk içre bagzy kazydyr,
Tabygy jyndyr anyň, hakkan ki, şeýtan özüdir,
Tamugyň tykanjydyr, her kim bu işge razydyr,
Şek degildir, dostlarym, geldi kyýamatdan nyşan.
Taňry, pygamber sözünden bihabardyr bu pirler,
Pasykny kazy bilip, naýypny soltan diýdiler,
Her kişi owwal gelip görse, ki rişwet biýrler,1
Baglaýyp böhtan ile fakr ähline tagsyrlar,
Selle baglap başyna aç böri sopy-pirler,
Eýleýip halk üstüge köp hileýn-tezbirler,
Ger halal-u ger haram tapsa dykarlar-irler,
Ruzy-magşar hak-resulga ne jogabyn birler,
Şek degildir,dostlarym geldi kyýamatdan nyşan.
Egseber, Magtymguly,söz birle derdiň her zaman,
Ne üçin zalymga nobat berdi bu döwri-zaman,
Anyň çuň göz gören-eşdenden öte geçdi guman,
Eyleyip bir-birine dagway-batylny heman,
Bir şaýylyk mal üçin,takyk,berer elden iman,
Öziňi är saýynar kim,artyk iş etse ýaman
Bu köňül ýüz şowk eder nähak üçin tökmäge gan,
Güýji ötse gürbäniň, gaplana hiç bermez aman,
Şek degildir, dostlarym, geldi kyýamatdan nyşan.
*
1 << Her kişi geliban görse, rişwet iýrler>> diýen nusgasy hem bar.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.