Tagam Lezzetin Bilmez, – Magtymguly Pyragy

Tagam lezzetin bilmez,
Dahandan daş gitmek,
Aňyrsyzy azdyrar,
Götin döwlet-baş gitmek.
Şeýtan ýolun bek eýlär,
Gara ýüzün ak eýlär ,
Ýüz müň günä ýok eýlär,
Säher gözden ýaş gitmek.
Peltesiz ýag çyraga,
Yşyk salmaz gyraga,
Ilin salar aýaga,
Aýak galyp,baş gitmek.
Niçe-niçe zar bolup,
Yatsaň ýeg bimar bolup,
Hoşdur ýagşa ýar bolup,
Bir ýamandan daş gitmek.
Laşmaganlar gama,
Şükür etmezler bu deme,
Abraýdyr adama,
Ýagşy gelip,hoş gitmek.
Ýaman dil-ýol ýitirer,
Ýagşy rähmet getirer,
Äre sangy artdyrar,
Kyrkdan aşyp,ýaş gitmek,
Pyragy, dünýä düýşdir,
Düýş görseň, düýbi hiçdir,
Jahanda ýaman işdir
Gury gelip,boş gitmek.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.