Suw Ýüzünde Gezdirer Sen Gämini, – Magtymguly Pyragy

Suw ýüzünde gezdirer sen gämini,
Bir gün agdarar sen, saly, dünýä, heý!
Adam ogly barmaz bolsa yzyñdan,
Munda düýp aldar sen maly, dünýä, heý!
Bilermi sen, haçan tükener demiñ,
Gabyr bolar bir gün basan gadamyñ,
Döwran gerdişinde gapyl adamyñ,
Üstünden salar sen ýoly, dünyä, heý!
Habarsyz geler sen, ýaka tutar sen,
Ýagşy eýläp, ýaman eýläp öter sen,
Bir gün aşymyza awy gatar sen,
Owwal aldap biýr sen baly, dünyä, heý!
Aramyñ ýok, kararyñ ýok, dynmaz sen,
Gije gündiz gan içer sen, ganmaz sen,
Ahyr ne belañ bar, soñun sanmaz sen,
Aklyny aldyran däli, dünyä, heý!
Aýlanar, gyş geçer, ýaz, tomus, güýz hem,
Anyñ le ýagşdyr, dag, deñiz, düz hem,
Ahyry ötermiz üstünden biz hem,
Gutaryp galar sen hali, dünyä, heý!
Köpleri ýok etdiñ, käni ýuwutdyñ,
Muhammet- hak resul jany yuwutdyñ,
Harun, Karun, Süleýmany ýuwutduñ,
Budur seniñ işiñ, belli, dünyä, heý!
Adam oglun saldyñ tükenmez gama,
Ýaş-garry- ýolunda sergezdan heme,
Bir mada eşek dek gelip sen deme,
Gasygy gam bilen doly, dünyä, heý!
Magtymguly, dünýä syryn duýmaz sen,
Bu gün gördigimiz ertä goýmaz sen.
Niçe wagtdan bäri iýer, doýmaz sen,
Ýykylgyn,ýumrulgyn, loly dünyä, heý!
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.