Şükür, Alhamdulilla! – Magtymguly Pyragy

Şükür, alhamdulilla!
Janana gözüm düşdi,
Meýhanada meý içdim,
Mestana gözüm düşdi.
Eý, zülpi, saçy anbar,
Mährap ki ýüzüň münber,
Eý, lagly-lebi göwher-
Ummana gözüm düşdi.
Eý, gözleri ahramy,
Gel, gözlegil ýaramy,
Eý, köňlümiň aramy-
Imana gözüm düşdi.
Eý, jady jeren gözli,
Eý, şähd-u şeker sözli,
Eý, Şems-u Kamar ýüzli-
Tabana gözüm düşdi.
Arzuwda gezer iller,
Hyzmatga geler gullar,
Täze açylan güller-
Bostana gözüm düşdi.
Her saçlary bir sünbül,
Göýä ki menem bilbil,
Eý, jennet era bir gül,
Ryzwana gözüm düşdi.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.