Söwdagärlik Edip Bazar Gezenden, – Magtymguly Pyragy

Söwdagärlik edip bazar gezenden,
Alsaň nesihatym, gymmat ýagşydyr.
Hatam bolup, günde gyzyl berenden,
Köňülde edilen hümmet ýagşydyr.
Bir mert ýagşy muhannesiň ýüzünden,
Söweş güni sanjar ganym gözünden,
Her kim tapylmasa aýdan sözünden,
Dine müňkür bolan ýezit ýagşydyr.
Haýr işin terk edip, bet iş yzlandan,
Dost bolup, dostundan syryn gizländen,
Hudany unudyp, ýalan sözländen –
Läkin, lal oturyp, dymmak ýagşydyr.
Kadyr eýäm jismimizi bar eden,
Biakyldyr hak işine ar eden,
Bimahal salyngan bozuk köprüden,
Jähennem üstünde syrat yagşydyr.
Bäş wagty berjaý kyl,musulman bolsaṇ̌.
Bilip ahyretiň,gamyn iýseň,
Janyň barlygynda haýyr gazansaň,
Rahat ýatjak ýeriň-kűmmet ýagşydyr.
Söz magnysy çykar bir ýagşy jaýdan,
Bihabarlar aýry dűşer hudaýdan,
Bäş wagty bilmegen bihabar baýdan,
Ärsiz,pirsiz loly arwat ýagşydyr.
Magtymguly,gördűň ýagşy-ýamany,
Ýalançynyň bolmaz anty-imany,
Bir ak öýe barsaň,almaz myhmany,
Her kimiň öz ili-ymmat ýagşydyr.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.