Seýil Edeliň Bu Jahana, – Magtymguly Pyragy

Seýil edeliň bu jahana,
Jahanda näler görüner,
Isgender, Jemşit saldyran
Beýik binalar görüner.
Bişeleri şir, peleňli,
Gülgüzar, nowça bileňli,
Gün düşmeýän ter öleňli,
Çeşmeli zawlar görüner.
Ýaradan bar etdi ýokdan,
Daglar dünýä sürer çohdan,
Sorsaň haber berer Nuhdan,
Garrygan awlar görüner.
Çaglan, ýalan dünýä, çaglan,
Ne gülen galar,ne aglan.
Gar-ýagmyrlap, burjy baglan,
Kemerli daglar görüner.
Serinden dumany gitmez,
Eýýam geçip,ýere batmaz,
Garryp galmaz,ölmez , ýitmez,
Gorganly daglar görüner.
Ne külbe galar, ne çeten,
Senemler seýil edip öten,
Toty,bilbil mesgen tutan,
Howaly baglar görüner
Magtymguly, kim bar ölmez?
Ajal dolmaz, zemin dolmaz,
Asman inmez, ýer çöwrülmez,
Gün ýörir, Aýlar görüner.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.