Sen Ýagty Jahana Ineliň Bäri Berdinazar Hudaynazarow

Sen ýagty jahana ineliň bäri
On iki ýyl geçdi on iki gün bolup.
Indi bize sensiz ýaşan ýyllarmyz
Dumanlap görünýär juda geň bolup.

Dil çykyp, diş çykyp öz wagty bilen,
Gyşy deňleşdirdiň ýaz wagty bilen.
Maňa bu dünýäde kän duşdy ýalan,
Sen geldiň-de, bakdyň maňa çyn bilen.

Tüf, tüf, tüweleme, meleje köşek,
Entekler ýaşaly, bileje köşek.
Boýjagazyň ýetdi, gulaja, köşek,
Göwnüm käte gudurasyn sen bolup.

Bolup bilseň gurşun ýaly gaýym bol,
Uzak ýaşa, kök ur, giýew, gaýyn bol.
Bu pelekdir — şarpyga-da taýyn bol.
Gurak göwünleri ölle nem bolup.

Akylly bol, nepi degse akmak bol,
Şildireme, derýa bolup akjak bol.
Ykbal ýükün syr bildirmän çekjek bol,
Hem-ä özüň bolup, hemem men bolup.

Biziň kalbymyza nur saça-saça,
Sen bu gün ýaşadyň doly bir müçe.
Bu mahal bir öýde açylýan gunça
Törümize bezeg bersin gül bolup.

Arzuw diýilýände bolmaýar ölçeg,
Duşmanyň tana, dostuňy seljer.
Bir ganatym özüň, birisem Sanjar,
Kän ýaşalyň bir jan-u, bir ten bolup.

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.