Sen Sen Araýyşy-Jan,bu Jansenden Bihabar, – Magtymguly Pyragy

Sen sen araýyşy-jan,bu jansenden bihabar,
Sen jahana dolug sen,jahan senden bihabar.
Endişe derýasynda syrym sefinesini
Ýütarapga ýüzdürdim,seýran senden bihabar
Ger diýseler küfr olar,eşya senden halydyr,
Menzil senden mustagrak,mekan senden bihabar.
Zemin,asman,garb-u şark pertöwinde gerdandyr,
Zamanyýa sen gerdan,zaman senden bihabar.
Istär seni deňizler ýaýkanyşyp şowkuňdan,
Sen olar içre maglum,umman senden bihabar.
Zemin tilär asmanda,asman tilär zeminde,
Bir-birine guman-da,guman senden bihabar.
Magtymguly,gör indi,eşýalar ne işdedir,
Ýok imiş bu eşýada,hemen senden bihabar
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.