Sazyna Degmez1 – Magtymguly Pyragy

SAZYNA DEGMEZ1
Bezimniň lezzetin bilmeýen adam,
Hünärli ýigidiň sazyna degmez,
Betsyýakly, bethuý bolan pis adam,
Perizadyň eden näzine degmez.
Bimagnynyň sözi janyndan öter,
Gybat edni, özi günäge batar,
Ýamanyň zyýany iline ýeter,
Nadanyň peýdasy özüne degmez.
Adam bardyr, any şalar çatyrdar,
Adam bar, zulm edip, garyp agyrdar,
Adam bar, per düşek ýanyn agyrdar,
Adam bardyr ak kiz dyzyna degmez.
Muhannesiň bolmaz namysy-aňy,
Bir söweş günüňde eýlemez jeňi,
Aga-begler, muhannesiň on müňi,
Mert ähliniň alty ýüzüne degmez,
Magtymguly, döwran soňudyr adem,
Lahat atly öýe goýarsen gadam,
Magny söz aňlamaz biakyl adam,
Danalaryň aýdan sözüne degmez.
*
1Bu goşgy käbir golýazmada Magrupynyň adyna hem gelýar.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.