Sapar Edip Barsak Nuşah1 Mülküne, – Magtymguly Pyragy

Sapar edip barsak Nuşah1 mülküne,
Köňül isläni dek ýaýlahlary bar.
Seýran etsek gunçasyna, gülüne,
Bakjasynda bilbil oýnahlary bar.
Ýeri sazdyr, hassa bolan sagalar,
Arryk, müflis, garyp bolan oňalar,
Serçemen agajy bile deňeler,
Ajap guş salmaly awlahlary bar.
Meýdany doludyr şeker gamyşdan,
Dileg etmez hergiz gardaş-gardaşdan,
Üsti ýapylgydyr kümüş kerpiçden,
Her kimiň özi çün suwlahlary bar.
Baş goşmandyr arryk, agsak şa bile,
Atdyryp du kunbul, baz le, na bile,
Şirwan galasydyr, any kim bile,
Her burçunda altyn baýdahlary bar.
Magtymguly, sazdyr, söhbetdir işiň,
Ajaldan, gaýrydan bolmaz teşwüşiň,
Baýlaryň, pakyryň, ahli derwüşiň
Ýurdy bolar ýaly farsahlary bar.
*
1Bu söz öňki neşirlerde „Nuha“ görnüşinde berlipdir. Emma golýazmalarda şeýle nusga gabat gelinmedi.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.