Sandywajy-Sermestem, Bergimden Jyda Boldum, – Magtymguly Pyragy

Sandywajy-sermestem, bergimden jyda boldum,
Bergimni hazan çaldy, bisowt-u seda boldum.
Bir gülçihre ýolunda bihuda pida boldum,
Bet işlere baý boldum, haýr işe geda boldum,
Pyrkat, waslet, her ne ki, – aslyn ez huda bildim,
Barçany bidar bildim, özüm uýkuda bildim,
Dünýäge dura gelgen, eglenmeý gidä bildim,
İýgenim awy sandym, geýgenim peda bildim,
Köýdüm, bişdim, ýar-dostlar, örtendim, eda boldum.
Ýaranlar, ýoldaş boldum nefsi-howa zalymga,
Keýik deý gaçar, barmaz, nesihatgöý alymga,
Serkeşligin subhana meşhur etdi älemge,
Men näteýin, ýa, dostlar, ugursyz ykbalymga1,
Goýmady öz halymga, ýörirge mejalymga,
Ne gazanja guwanjym, ne hoşwagtlyk malymga,
Jöw mukdaryna geçmez bu jahan hyýalymga,
Köýdüm, bişdim, ýar-dostlar, örtendim, eda boldum.
Jehl işine çabuk men, alla emrine suster,
Garky-zelalet boldum, hedaetni sen göster,
Ne derwüş men, ne molla, ne sopy ähli-destar,
Gardaşlar gulak berse, aýtsam sözümni raster,
Pikir eýläñ, kim bardyr eýämden özge doster,
Bendilikde bolmasañ, bolganyñ ýagşy nister,
Görmedim Gün astynda hergiz özümden pester,
Ataşa laýyk bolmaz eda bolgan häkister,
Köýdüm, bişdim, ýar-dostlar, örtendim, eda boldum.
Pukrasyna1 Süleýman ger sürse sed syýasat,
Gelse peri patyşahy-Aktemir-u Janpolat,
Ýüz-müñ döwe baş bolan döw töresi Demirbat,
Meges şasy Turtarus hemralyk etse, heýhat,
Mur mäligi Munzere gelse bihed, bigaet,
Musa nur golun açyp, İsa okyp ýüz aýat,
Hyzyr doga eýleýip, Ylýas etse mynajat,
Mundag murda jesetge mahaldyr tapmak nejat,
Köýdüm, bişdim, ýar-dostlar, örtendim, eda boldum.
Magtymguly, misginem, köñlüm öýi nä magmur,
Sözge ýakyn bende men, haýrym kem-u şerim zor,
Özüm halka nä kabyl, ykbalym keç, bagtym şor,
Nä şaýeste agmalym, göýä gadam urar kör,
Meger eýäm istese, bolgaý nury-agla nur,
Tir tarfatyl – aýnda düşgendir bolup mehjur,
Betgylyk birle boldum jahan içinde meşhur,
Degirmen deý bangir men, semender deý ataşhur,
Ýandym, bişdim, ýar-dostlar, örtendim, eda boldum.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.