Säher Tut, Hudaýa Ýalbar, – Magtymguly Pyragy

Säher tut, hudaýa ýalbar,
Yslam öýüň abat galsyn!
Ýamany goý, ýagşa ýol ber,
Şeýtan işi bibat galsyn!
Ýagşy söze gulak salgyl,
Säher wagty bidar bolgul,
Ýagşylardan alkyş algyl,
Ömrüň artyp, zyýat galsyn!
Adamzat gözden sypynça,
Ýatdan çykar gan kepinçä,
Müňde bir rabat ýapynça,
Hakdan dile, öwlat galsyn!
Pis hatyn başa mähnetdir,
Dünýäniň maly nobatdyr,
Ýigide ogul döwletdir,
Mal galynça, zürat galsyn!
Ýigit hoşy – at-ýaragdyr,
Her işe jürýet gerekdir,
Pis oguldan ýagşyrakdyr –
Paragy, ýagşy at galsyn!1
*
1“Magtymguly öter-gider,
Matlabyna eter-gider,
Ýalançyda bir at göter,
Herne galsa, bir at galsyn„ diýen bent hem bar. Bu goşgynyň Magrupynyň adyna gelýän ýeri hem bar.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.