Saglygyñ Gadryny Bilgil, Hasta Bolmasdan Burun, – Magtymguly Pyragy

Saglygyñ gadryny bilgil, hasta bolmasdan burun,
Hastalyk şükrüni kylgyl, täki ökmesden burun,
Düz ýeriñ gadryny bilgil, derýa dolmasdan burun,
Gämide hüşgär oturgyl, girdaba gelmesden burun,
Ýaşlygyñ gadryny bilgil,1 tä ulalmasdan burun.
Ulaldyñ-köñlüñdedir ýalgan-jahanyñ söýgüsi,
Gözleriñ gözel görüp, seni günähe goýgusy,
Dilleriñ gybat kesib, lap-ýalan sözler aýgysy,
Hatyryñ ýüz müñ perişan, kethudalyk gaýgysy,
Ne ajap hoş hal idiñ, özüñni bilmesden burun.
Ýaradan ýaryndadyr, başyñ ýowuz halda eken,
Ötse ýüz ýyl, ýada düşmez, belli hoş halda eken,
Ömrüññi bihuda tutma, pursadyñ elde eken,
Degse bir bady hazan, soldur seni gülde eken,
Gülni ýadyñdan çykarma, täki solmasdan burun.
Akly-huşuñga ýetişdin, eýlediñ seýrany sen,
İstär idiñ jemg edem, bu külli Eýrany sen,
İýmediñ bir dem parahat tañry bergen nany sen,
Heý, habaryñ barmydyr, bu jahanyñ myhmany sen,
Azygyñ taýýary kyl, kerwen çekilmesden burun.
Galmamyş bu köne dünýä Rüstem ile Zalyña,
Garra bolma iki günlük iýgu-içgu, malyña,
Hakykat aryfny gör, atlasny berdi şalyña,
Tur säher, Magtymguly, ýygla bu gün öz halyña,
Tanla ol magşar güni derläp uýalmasdan burun.
*
1 “Ýaşlyknyn müfettenim tut” diýen setiri hem bar.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.