Sag-Salamat, Sermest Bolupgezen Jan, – Magtymguly Pyragy

Sag-salamat, sermest bolupgezen jan,
Dört balanyň birisinden iglärler,
Ýa sowukdan, ýa yssydan gurar gan,
Ten üstünden tebipleri eglärler.
Ryzk wekili geler ryzkyň ýok edip,
Göwräňi guradyp, ýoluň bek edip,
Demiň perişdesi demiň tükedip,
Iliň-günüň özge ýurda çaglarlar.
Egsikleriň saç ýaýarlar, baş döküp,
Ýary-dostuň ýyglaşarlar ýaş döküp,
Gardaş-dogan gatnaşarlar ýaş döküp,
Gonsa göçmez –karar ýurda baglarlar.
Habar düşer:“Pylan kimse ötdi“ diýip,
„Çyragy söndi“ diýip, „Güni batdy“ diýip,
„Bu dünýäden o dünýäge gitdi diýip“ diýip,
„Alla rahmet etsin!“ diýip dargarlar.
Kim bardyr ki , pelek bagryn üzmemiş,
Göwresin gyýmamyş, köňlün bozmamyş,
Magtymguly dag-derýalar dözmemiş,
Bu desturdyr, aýralyga aglarlar.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.