Ruzy – Magşar Şikat Eder Tiliňden, – Magtymguly Pyragy

Ruzy – magşar şikat eder tiliňden,
Ryswalygyň budur seniň, gybatkeş!
Ömrüň ýele berme, azma ýoluňdan,
Agyrtmagyl iliň-günüň, gybatkeş!
Bulut dek küküräp, bark kimin gürlär,
Gähi buzdan tagtlar, ataşdan ýerler,
Gatyr dek içýanlar, bugra dek marlar,
Bedeniňden sorar ganyň, gybatkeş!
Halyň gören haýran bolup aglarlar,
Özüň Syjjyň atly jaýda baglarlar,
Tiliň çekip, demir bile daglarlar,
Gara bolar şol gün Günüň, gybatkeş!
Ýaman söz aýradyr ýagşy dostuňdan,
Günähiň agramy basar üstüňden,
Jähennem içinden tamug astyndan,
Peleklere çykar üýnüň, gybatkeş!
Melekler göterip, gürzler urarlar,
Endamyndan suw dek akar zäherler,
Haşlaşyp durarlar ýanyňda marlar,
Endamyňdan sorar ganyň, gybatkeş!
Bir dem gutulmaz sen, tamug naryndan,
Teniňe ýaýylan ýylan zährinden,
Şol azabyň hasratyndan, zaryndan
Peleklere çykar üýnüň, gybatkeş!
Orun biýrler saňa eltip bir jaýda,
Günüň geçer gije-gündiz haý-waýda,
Azabyň artdyrar seniň her aýda,
Çilimkeş hemradyr-ýanyň gybatkeş!
Ruýsyýa sen magşar güni kerime,
Taňra sowabyňdan alar jerime,
Imansyz ten idip elter jehime,
Gile eder senden janyň, gybatkeş!
Magtymguly diýer iliň gözünden
Düşübän, hor bolsaň, görgül özüňden,
Tiliňni çekmeseň haram sözüňden,
Belli, bibat bolar diniň, gybatkeş!
1 „Magtymguly aýdar çagyryp: „Subhan,
Ýoldaş etgil magşar gününde iman“,
Dogry gezgil, ne ýagşy diý, ne ýaman,
Egri bolma, düzet ýoluň, gybatkeş“ diýen nusgasy hem bar.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.