Pikir Kyldym Ýer-Gögi, – Magtymguly Pyragy

Pikir kyldym ýer-gögi,
Biakyl jan içinde.
Gördüm, jan hem ’’Alla!’’ diýr.
Et, siñir, gan içinde.
Gider ýoluñ bilmeseñ,
Dogry ýola gelmeseñ,
Haky ýada salmasañ,
Galdyñ arman içinde.
Ýerden çykan nebatlar,
Gyzyl güller, gök otlar,
Gapyl adam, bu zatlar
Külli perman içinde.
Nebsiñ aýdar:’’Joş bolsam,
Gökjeklere duş bolsam,
İýsem-içsem, hoş bolsam,
Ýatsam elwan içinde’’.
Köñül, sen bir bazar sen,
Her işe bir gyzar sen,
Düýrsem diýip gezer sen,
Jürm-u usýän içinde.
Ýaýylar ganat-perler,
Hup açylar dpderler,
Bölek-bölek kepderler,
‘’Hüw!’’ diýr harman içinde.
Bilbil aýdar: ‘’Keşigem,
Bahara gözleşgem,
Gülzar üçin aşygam,
Bag-u bossan içinde.
Aşyk aýdar: ‘’İllalla!’’
Garlawaç ‘’Alhamdililla!’’
Leglek diýr: Kulhualla!’’
Hannan-mennan içinde.
Ýarganat diýr: “Ýa, möwla,
Saldyñ meni bu ýola,
Berme, Aý, Güne, ýele,
Sakla pynhan içinde.!”
Anka aýdar: “Ýolçyýam,”
Hüthüt aýdar: “İlçiýem,
Süleýmana sawçyýam
Ýalan jahan içinde”.
Bezgek galyp haýrana,
Haýran bakyp her ýana,
Zanbur çykyp her ýana,
Gezer döwran içinde.
Durna aýdar: “Uçar men,
Bagdat suwun içer men,
Gyş Hindistan göçer men,
Lälezaran içinde”.
Baýguş aýdar: “Derdimbar,
Tesbihim bar, wirdim bar,
Weýranada ýurdum bar,
Zary-girýan içinde.”
İshak aýdar: “Pakyp men,
Gullugymda hakyp men,
Hak ýadyna okup men,
Şam-şebistan içinde.”
Musyja diýr: “Giter men,
Geldim, bildim-öter men,
Üç agaçny çatar men,
Guzlap, weýran içinde,
Laçyn aýdar: “Hoşumdan,
Mest boldum öz joşumdan,
Galdym tañry işinden,
Bendi zyndan içinde.”
Turaç tili senada,
Ördek tili dogada,
Gaz garkyldap howada,
Gözi umman içinde.
Gumrylar owaz bilen,
Tawus işi näz bilen,
Kaknus guşy saz bilen,
Şol Hindistan içinde.
Toty guşlar razlaşyp,
Hak emrini gözleşip,
Adam tilin sözleşip,
Gezer ynsan içinde.
Torgaý hezar eýýäm diýr,
Ajaýyp hoş eýýam diýr,
Dowzah ody haram diýr,
Ahyr zaman içinde.
Bilmez pelegiñ ferjin,
Eldir, tutmuş gök burçun,
Bir bölejik gögerçin,
“Hüw!” Diýr harman içinde.
Keýik aýdar: “Aglar men,
Haka sydkym baglar men,
Balalarmyñ derdinden,
Ýüregim gan içinde”.
Gurt aýdar ki: “Üzer men,
Nerden kylsam güzer men,
Ryzkym arap gezer men,
Çöl-beýawan içinde.”
At aýdar: “Aslym zordur,
Munça gymmatym bardyr,
Üstüme münen ärdir,
Daglarda daş içinde.”
Ýaby aýdar: “Men gende,
Üstüme münen bende,
Azabym köpdür günde,
Özüm hyzmat içinde.”
Eşek aýdar: “Aslym daş,
Hyzmat bilen bagrym baş,
Saman tapsam, köñlüm hoş,
Mydam aýaz içinde.”
Sygyr aýdar: “Men başdym,
Etmez alajym-küştüm,
Guýruk çommaldyp gaçdym,
Çybyn-çirkeýiçinde.”
Düýe aýdar: “Otlar men,
Otlan ýerim ýatlar men,
Elmydama botlar men,
Sazak-selin içinde.”
Ýedi ýer bolmuş bina,
Her zat okup bir sena,
Otlar hem diýr: “Rebbenä!”
Nowruz-baran içinde.
Köñül aýdyp gedaga,
Säher tursam sedaga,
Nalyş kylsam hudaga,
Bolsam iman içinde.
Kyýamat gün eliñden,
Habar biýrler halyñdan,
Gaýtgyl ýaman ýoluñdan,
Gördüñfurkan içinde.
Umytly bol Ýusup dek,
Sabyrly bol Eýýup dek,
Ger ugraşsañ Ýakup dek,
Derede Kengan içinde.
Nebsim aýdar: “Hoş eýle,
Jamy-jurga joş eýle,
Keremine duş eýle,
Tañla diwan içinde!”.
Magtymguly, özüñe
Bak, ýaş getir gözüñe,
Aýyplaşman sözüme
Ýar-u ýaran içinde!
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.