Pelek, Seniñ Bu Döwletli Gerdanyñ, – Magtymguly Pyragy

Pelek, seniñ bu döwletli gerdanyñ,
Biziñ sary öwrülmezmi, gelmezmi?!
Läşin ýere saldyñ niçe merdanyñ,
Zemin ynsap eýlemezmi dolmazmy?!
Dünýä, seniñ bu gezekli gerdeşiñ,
Gyzyl gandan gyrmyz bolupdyr dişiñ,
Geçi, gurt dostlugyna meñzäp edişiñ,
Gamly şat olmazmy, aglan gülmezmi?!
Oraksyz orar sen, tygsyz keser sen,
Ýumruksyz ýüzer sen, ýüpsüz asar sen,
El-aýaksyz bir bihabar basar sen,
Ýykan basar ýatar, gaýdyp galmazmy?!
Pelek bakgal, utar uruşsañ, söýseñ,
Göwräñi göterip, ganatyñ ýaýsañ,
Ölüm zulmuñ adam boýnuna goýsañ,
Gorkusyndan saralmazmy, solmazmy?!
Magtymguly, her säherden, sabadan,
Hali galma bu nalyşdan, dogadan,
Butparazlar butdan alsa myradyn,
Hajatyny hakdan dilän almazmy?!
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.