Pelek Maňa Gam Badasyn Bereli, – Magtymguly Pyragy

Pelek maňa gam badasyn bereli,
Wysal kaýsy,hijran kaýsy, bilmedim;
Hak işine ten bermişem,göräli,
Arzuw kaýsy,arman kaýsy,bilmedim.
Bende bolsaň,gözle hakyň ryzasyn,
Jebir eýlese çekibergil jezasyn,
Ajal atar bir gün tiri – kazasyn,
Kiriş kaýsy,keman jkaýsy, bilmedim.
Bir suratam,bakman,bu gün özüme,
Aryf bolsaň, gulak goýgul sözüme,
Dünýä düýbi ýok görüner gözüme,
Döwür kaýsy,döwran kaýsy bilmedim.
Az ömrümi köp söwdaýa satyp men,
Özüm bilmeý ol derýaýa atyp men,
Ne ummandyr,ne talabdyr,batyp men,
Zemin kaýsy,zaman kaýsy,bilmedim.
Her kim girse ol talaba,ummana,
Başyn alyp çykabilmez bir ýana,
Gadam goýdum ol sähraýa –meýdana,
Jan kaýsydyr,Jahan kaýsy bilmedim.
Men dünýäni asmandaky reň bildim,
Yssy-yssy asylyşdym,soň bildim,
Imdi anyň, baryn-ýogun deň bildim,
Sud kaýsydyr,zyýan kaýsy bildim.
Magtymguy,ýoluň öňi,ardy bar,
Çeker ýükün herkişiniň merdi bar,
Ýüregimde pynhan yşgyň derdi bar,
Dert kaýsydyr,derman kaýsy bilmedim.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.