Pelek Bazy Bermiş Jümle-Jahana, – Magtymguly Pyragy

Pelek bazy bermiş jümle-jahana,
Meniň ygtyýarym berme pelege.
Köňül guşy uçup gitse her ýana,
Mätäç etme ganat, guýruk, ýelege.
Bidöwlet ynanjaň, käsip käýinjeň,
Ýedi ýeser bolsa, biri göwünjeň,
Baý halky ýaňra bor, garry öwünjeň,1
Çalyp bolmaz çal agarsa çelege.
Orda başy bolmak aýra kyn bolar,
Parça geýse, gyz-oglana syn bolar,
Dul gözüne garry näzeniň bolar,
Ýene gözün aýlar köre, çolaga.
Çepine aýlanan çarhy-pelekdir,
Adam ogly – gelen bary-heläkdir,
Ýetmiş iki millet bölek-bölekdir,
Bu bölekden goşma özge bölege.
Ýol üstünde ölsem, ýola atsalar,
Razy men üstümden basyp ötseler,
„Magtymguly“ diýip adym tutsalar,
Gören göz jort atar eşden gulaga.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.