Panydan Bakyýa Göçe-Göçe Bolsa – Magtymguly Pyragy

Panydan bakyýa göçe-göçe bolsa
Telmuryban,baka-baka gidersen,
Ajal jamyn sünüp,iç-hä iç bolsa,
Jan ajygyn çeke-çeke gider sen.
Olganlaryň durar zar-u girýana,
Egsikler saç ýaýyp,düşer lerzana,
Malyn teksim bolup girer talana,
Eliň ýuwup,çyka-çyka gider sen.
Mal üçin,ynjydyp gardaş-oganyň,
Az bildiň tylladan satyp,sowanyň,
Paýlaşarlar halal-haram ýyganyň,
Sen azabyn çeke-çeke gider sen.
Bu dünýäden barsaň,ol dünýä,gardaş,
Näler görejekdir bu şum garabaş,
Haýyr gazan munda-anyňa ýoldaş,
Ýogsa gabra ýeke-ýeke gider sen.
Adam ogla ýada salsa asylyn,
Kaza goýmuş ajal atly masylyn,
Aklyň bolsa ahyrýetiň hasylyn
Bu dünýäde eke-eke gider sen.
Jahanda görkezer gudrat işleri,
ganatyň kuwwaty galdyr guşlary,
Ýigitligiň zory syndyr daşlary,
Kyrkdan aşdyň,çöke-çöke gider sen.
Magtymguly,düşdüň yşkyň güzerne,
Kim bar sözleşerge baryp nazarga,
Hiç rowaç tapmadyň sözüň bazarna,
Hyrydarsyz,döke-döke gider sen.1
*
1.Käbir golýazmada:
„Dünýäde müň tanap baglaryň bolsa,
At-ýarag esbaby-şaýlaryň bolsa,
Arça-arça tolug mallaryň bolsa,
Paýany ýok,taşlap-taşlap gider sen“ diýen bent hem bar.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.