Oýan Habu-Gaflatdan, Ajalsyz Ölen Köňlüm, – Magtymguly Pyragy

Oýan habu-gaflatdan, ajalsyz ölen köňlüm,
Umut üzüp alemden, dergahdan dilen, köňlüm,
Düýpsüz derýaýa düşdi görgenne gülen köňlüm,
Jan pany, jahan pany, kepene çopan, köňlüm,
Söz bilen için agser, gabz olup, dolan köňlüm.
Alymlar sözün diňle, nesihatyn al-göter,
Tur, hakyň dergahyna mynajat kyl, gol göter,
Ryýazatyň ýüküni arkan, ýüzün sal göter,
Bu iş merdiň işidir, merdana dur, gal, göter,
Kämil aýagna baş goý, ýalançydan el göter,
Toba kylyp, bir piriň topragna bulan, köňlüm.
Yşkym bardyr Mežnundan altmyş esse zyýada,
Kuwwatym bardyr kyrk ýyl ders aýdarga Perhada
Ýüregim akyl oda, hojamga barsam dada,
Kerem derýasy joşup, etirgeýmu myrada,
Galsa köňül tapylmaz, çyksa bu jan dünýäde,
Mert gerekdir almaga bu garyp galan köňlüm.
Säher tutup, doga kyl, “Ämin!” diýsin perişde,
Ne bardyr gapylýatyp, bihuda otyryşda,
Mülki-jahan tutdyrmaz eýleseň müň serişde,
Abdal jindesin geýip, git diwana garyş-da,
Ýogsa galar sen tenha sergişde-yu gamgeşde,
Aýdan sözüne pyglyn bolmasyn ýalan, köňlüm.
Magtymguly, noş etdim gam badasyn iki tas,
Üç içerge rugbet ýok, çyn jandan boldum halas,
Serimde sansyz söwda, içde waswasup-hannas,
Geliň, bir tedbir eýläň, bu derde, eýýühannas,
Dyza çöküp, dem ursa, Isa, Hyzyr hem Ylýas,
Galynmaz, zinde bolmaz, hud murda bolan köňlüm.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.