Owwala-A Hak Emriden Awara Bolgan, Naskeş, – Magtymguly Pyragy

Owwala-a hak emriden awara bolgan, naskeş,
Meýniniň pişanasy ýüz para bolgan, naskeş,
Pygly şeýtan wakypy-esrara balgan, naskeş,
Çün ezelde wahydel kahhara bolgan, naskeş,
Nebs üçin jandan geçip, bimara bolgan, naskeş.
Naskeş iki jahanda bolmaz asla şadyman,
Burnudan zerdap ile sasyg su akmyş her zaman,
Mähneti tartar, biliňler,beň, çilimden nas ýaman,
Gybat-u ýalgan, zynadan nas çekmeklik has ýaman,
Ýüz delil, sed mekr ile ryýakäre bolgan, naskeş.
Çoh hadys aýtdy Muhammet: nas haramdyr, nas haram,
Kimharamny tahyr etse, nasny kylsa ehtiman,
Giriban bu hanadan, ol hanaga basmyşdy kam,
Rast gitmese ýa eger yhlas birle subh-u şam,
Hanaýy yslam-u din kuffara bolgan naskeş.
Taňla-magşar naskeşini bir ýere eltgeý huda,
Eýlegeý efseride derd-u belaga mübtela,
Bendesinden kylgusy bir-bir sowalyny huda,
Telmuryp durmakdan özge çäre tapdyrmas aňa,
Ýüzleri misli gazan deek gara bolgan naskeş.
Burnuňyhar burny dekdilgeý perişde naskeşiň,
Aýtur: „Eý perzendi-adam, başa düşdi teşwüşiň,
Kaýdadyr ukba ýolyga tahyr etgen peşgeşiň,
Dünýade pöwşen gözüň enduhgin boldy başyň,
Diýgeç ol dem ah urup, efkara bolgan naskeş.
Nasy halaldyr diýip, beýle hyýalyň ham eder,
Föwt edip niçe deremni, köňlüni arap eder,
Burnudan aksa neijs, her dem husuly-kam eder,
Bilmes özi dünýä zerre, syratyn betnam eder,
Özni bilgen uşbu dek reftara bolgan naskeş.
Her derem bir aždaha bolmuş kyýamatnyň güni,
Aýdyşar: „Keýp ýolyga sen näge sarp etdiň muny?“
Hiç alajyň tapmaýyn, agzyga tutgaý destini,
Kyçgyryp, perýat eder zährini salgaý duşmany,
Neýleýni şeýb dowzaha nazzara bolgan naskeş.
Aždahanyň zähriden ol naskeş gamnäk olar,
Keýpi hal bilgen kişiniň didesi nemnäk olar,
Şiddetiden nar içinde narydan köýläk olar,
Görgüsi her bir alamat her haçan muhläk olar,
Tapmaýyn hergiz alaç, biçäre bolgan naskeş.
Müjtehid kawly, hadysy-enbiýadyr naskeş,
Her haçan gelse başyga kaddy naýsa ol kuýaş,
Teşnelikden agzyň açyp, it kibi bolmuş ataş,
Her nefesde nefsi nas birle bolmasdyr ki geş,
Aýdadyr Magtymguly: „Hunhara bolgan naskeş“.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.