Owwal Başda, Kadyr Alla, – Magtymguly Pyragy

Owwal başda, kadyr Alla,
Senden bir kerem islärin.
Badam gabak, alma ýañak,
Bir zyba senem islärin.
Tañry bermese, nädeli,
Baş alyp, kaýda gideli,
Oturşy-tury edaly,
Gaşlary galam islärin.
Özüne hormat getiren,
Ärniñ hyzmatyn bitiren,
Gaşyny çytman oturan –
Mañlaýy gülen islärin.
Ýigrimi ýaş ötdi menden,
Hezl etmedim, dünýä, senden,
Tili süýji lebi handan,
Bir goýna salan islärin.
Pyragy, geldim jahana,
Bir ýar bergil akly dana,
Duşdum üm bilmez nadana,
Bir gadrym bilen islärin.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.