Owwal-A Mal Ýagşy, Maldan Baş Ýagşy, – Magtymguly Pyragy

Owwal-a mal ýagşy, maldan baş ýagşy,
Baş döwletin tapan mala seretmez.
Dogmadyk oguldan dogan daş ýagşy,
Nadan ogul atasyna seretmez.
Atda aýak bolsa , başga syn bolmaz,
Ärde gaýrat bolsa, işi kyn bolmaz,
Söweş güni muhannesde ýün bolmaz,
Ýere garar, özge ýana seretmez.1
Alaman öňüni serdary başlar,
Goç ýigitler naýza urar, gylyçlar,
Kimse adam ýykyp, kimse at goşlar,
Abyraý tapmasa, paýa seretmez.
Är dostdan geçerler adam aç galsa,
Ýar ýardan aýrylyp, ara daş galsa,
Ýaman hatyn ýagşy äre duş bolsa,
Başyny2 terk eder, daýa seretmez.
Köne dünýä muhannesiň öýüdir,
Süýthor bolan kesiň dowzah jaýydyr,
Altyn-kümüş gözleriniň maýydyr,
Goç ýigitler bozuk jaýa seretmez.
Dünýä görki näzeninler, ne janlar,
Nadana ýolukdy türpe jenanlar,
Ärden galan, äri ölen juwanlar
Goç ýigidi gözlär,baýa seretmez.
Magtymguly garyp köňlün baý edip,
Kanagat ülkesin bende jaý edip,
Her kim öz ýaryny dogan Aý edip
Aýyn gözlär, başga Aýa seretmez.
*
1Bu setirler neşirlerde: „Söweş güni goç ýigitde müýn bolmaz
Garşy bakar, peýkam-ýaýa seretmez“ görnüşinde berlipdir. Emma ähtibarly golýazmalarda bu nusga duşulmaýar.
2“Ýagşyny“ diýen nusgasy hem bar. Käbir golýazmada:
„Ýagmyr ýagsa, soňra suýy-sebz bolar,
Goç ýigidiň güni bahar-ýaz bolar,
Kim mert bolsa, köp hem bolsa, az bolar,
Goç ýigitler köpe-aza seretmez.
Magtymguly, ne söz aýdar ustadlar,
Öten güne şükür eýläwer, hyýaldar,
Özi gerçek, hoşwagt kerim ýigitler
Müň tümen tyllaly baýa seretmez.“ – diýip artdyrylan bentler hem bar.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.