Orta Ýoluň Aýdymy Berdinazar Hudaynazarow

Otur-da, bir çilim çek:
Öýle boldy: çäş galdy.
Eden-goýan zadyňy
Ýatlamaga huş galdy.

Ýetik aladaň-derdiň,
Az tapyp, kän ýitirdiň.
Ýüzden birin bitirdiň —
Togsan dokuz iş galdy.

Görsen-e, bu dünýäni —
Garramazak keýwany.
Alnyň — eliň eýwany,
Çagalykdan düýş galdy.

Dilgir-ä däl aslynda.
Ýöne… mawy paslymda,
Agyr ýüküň astynda
Ýaýnamaly ýaş galdy.

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.