Ömre Ygtybar Ýok, Jana Durum Ýok, – Magtymguly Pyragy

Ömre ygtybar ýok, jana durum ýok,
Ahyrýet esbabyn şaýlayynmy?
Bende men, bararga gaýry ýerim ýok,
İslegim özünden eýläýinmi?
Ýaranlar, ýetmek ýok subhan rysyna,
Açsa ýolum, ýetsem dost eserine,
Ryýaztny ýüklap nebsiñ şütürne,
Yhlasa iýtdirip, “halamaýynmy”?
Ýokluga ýandyryp, menlikden sagyn,
Eşkimden suwarsam nistligiñ bagyn,
UJb, riýa, kibir, hasad matagyn,
Bölüp, rehzenlere paýlamaýynmy?
Aby towfuk ýuwup1 jesedim nawyn,
Hümmet bile ötsem ybadat zawyn,
Ruhum guşun besläp, nebsimiñ awyn,
Pikir bişesinden awlamaýynmy?
Magtymguly, ne bar içmek, iýmekden,
Jan jesetden gider, et hem süñkden,
Göz görmekden galar, til hem diýmekden,
Tilim terpenerkäñ, söýlemäýinmi?
*
“Ýuwdup” diýen nusga hem bar.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.