Oba Daşyndaky Depe – Magtymguly Pyragy

Oba daşyndaky depe
Ỳerlenen ata meňzär,
Akylsyz ärler zer bilen
Ỳazylan bet hata meňzär.
Bu dünỳä bir düỳpsiz derỳa,
Gark eder, bolma biwepa.
Magrur bolma pany dünỳä,
Gerekli nobata meňzär.
Gardaşsyza kuwwat ỳokdur,
Ogulsyza döwlet ỳokdur,
Aỳalsyza aşpet ỳokdur,
Hoş güni hasrata meňzär.
Ỳatan ỳeri ỳylan goỳny,
Asly ỳagşylar bet bolmaz,
Dünỳälikden döwlet bolmaz,
Ogul çyn döwlete meňzär.
Burç bilen duz täze ỳara,
Awy gatar ruzygäre,
Ỳaman hatyn ỳagşy äre,
Sowulmaz töhmete meňzär.
Magtymguly, namyradam,
İller hoşdur, men näşadam,
Söz manysyn almaz adam
Bir guỳruksyz ite meňzär.
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.