Nesihat Eýläýin, Diňläň, Ýigitler, – Magtymguly Pyragy

Nesihat eýläýin, diňläň, ýigitler,
Pis hatyn başlagan toýa baş bolmaň!
Müň nesihat aýtsaň, birisin tutmaz,
Agzybir bolmagan öýe baş bolmaň!
Deňňene eýleme, salyşma kylman,
Arassa söwda et, çalyşma kylman,
Hoş mylaýym boluň, kem suhan bolmaň,
Menden zynhar, iliň bile kaş bolmaň!
Hergiz ataň bolsa, bolmagyl kepil,
Burunkydan galan: „Kepiller sepil“.
Men aýdaýyn, diňlemeseň, özüň bil,
Aýaklaşma edenlerge baş bolmaň!
Nesihat diňleseň, ärniň äri sen,
Almasaň nesihat, köpüň biri sen,,
Artyk salgydyny özüň tölir sen,
Agzy ala kowumlara baş bolmaň!
Dogry ýörgen, dogry gezgen dok bolar,
Biwagt ýörgen melamata çoh galar,
Ömrüň boýy ýygnaganyň ýok bolar,
Haram söýen ýigitlere baş bolmaň!
Hergiz ýaman bilen birge ýörmänler,
Oýnaýyp gülüban, bile barmanlar,
Kösti ýeter bir gün, ýalan diýmäňler,
Guda-gaýyn bolup, bela duş bolmaň!
Magtymguly, köp söwdaly başyň bar,
Ömrüň uzak, ýüzden aşa ýaşyň bar,
Özüňi bil, özge le ne işiň bar,
Bahabar ýör, hak ýadyndan daş bolmaň!
:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.